Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 109 million 678 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli mazudy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93 kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna nah ýüplük, jinsi matalary, haly önümleri, float aýna, portlandsement ýerlenildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri bahasy 3 million 604 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini we haly önümlerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin pagta süýümini satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 1 million 209 müň manatlykdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.