Türkmenistanyň Daşary işler (DIM) ministri Raşid Meredow sişenbe güni Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki we geljegi uly bolan taslamalara seretdiler we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, biri-birleri bilen gyzgyn salamlaşyp, taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen durmuşyň ähli pudaklaryny öz içine alýan netijeli özara hereketlerini nygtadylar.
Diplomatlar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapýan energiýa, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2020-nji ýylyň martynda gol çekilen durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar.
Dmitriý Şlapaçenkonyň diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol bu işine girişmezden öň BMG-daky Gündogar Afrikanyň meseleleri boýunça toparyna we Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş edarasynda Sudanyň geçiş döwrüne goldaw bermek üçin Missiýasyna (UNITAMS) ýolbaşçylyk etdi.