Täjigistanyň Baştutany türkmen kärdeşini ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistanyň Baştutany türkmen kärdeşini ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Türkmenistandaky duşuşygy, 2021-nji ýylyň 5-nji awgusty (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Duşanbede geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni ýaýradan Täjigistanyň Prezidentiniň hormatly Prezidentimize iberen hatynda aýdylýar.

Hatda bellenilişi ýaly, şu ýyl ŞHG özüniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belleýär. Şu şanly ýylda Täjigistan Respublikasyna ŞHG-ä başlyklyk etmek hormaty nesip etdi we 16-17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde guramanyň şanly sammiti geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda Prezident Emomali Rahmon türkmen kärdeşini başlygyň hormatly myhmany hökmünde bu syýasy çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.