BSGG Türkmenistana COVID-19 ýokanjyny anyklaýjy laboratoriýa enjamlaryny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG Türkmenistana COVID-19 ýokanjyny anyklaýjy laboratoriýa enjamlaryny iberdi
Getirilen enjamlaryň arasynda iki sany “Rotor-Gene” enjamy, şeýle hem COVID-19 wirusyny anyklamak üçin synag enjamlary bardyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) 29-njy iýulda Türkmenistana COVID-19 ýokanjyny anyklamak maksady bilen barlag geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze laboratoriýa enjamlaryny gowşurdy. Bu barada BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gelip gowşan enjamlar BSGG-niň Türkmenistandaky edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pandemiýa garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görilmegi boýunça hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.

Getirilen enjamlaryň arasynda iki sany “Rotor-Gene” enjamy, şeýle hem COVID-19 wirusyny anyklamak üçin synag enjamlary bardyr. Bu enjamlar Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) usuly bilen anyklaýyş amala aşyrylýan, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň welaýat barlaghanalarynda ornaşdyrylar.

2020-2021-nji ýyllarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan takmynan 2 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar bolan dürli abzallar, enjamlar we serişdeler satyn alyndy we Türkmenistana getirildi. Şolardan BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň goldawy takmynan 2 million 500 müň ABŞ dollaryna deň boldy. 

2022