Aşgabatda duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçiriljek “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
BAE-niň “WAM” agentliginiň habar berşi ýaly, ýygnakda Al-Hameli Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ähli ugurlardaky gatnaşyklaryň ähmiýetliligine ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, dostlugy we taryhy gatnaşyklary aýratyn belledi.
Ministriň orunbasary Matiýew hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara we ähli ugurlarda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we Ilçä işinde üstünlik arzuw edip, öz wezipelerini ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, diplomatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýollaryna seretdiler.
“EXPO-2020” Bütindünýä sergisi 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda işine başlar we 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy gatnaşjakdygyny tassykladylar we gurnaýjylar bu halkara sergä 25 milliona golaý adamyň gelmegine garaşýarlar. Sergide Türkmenistanyň gününiň 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.