Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygyna ýokary derejeli önümçilik üstünlikleri bilen gelýärler. Kärhana şu ýylyň ýedi aýynda önümçilik meýilnamasyny 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,8% ýerine ýetirip, 44 müň tonna töweregi suwuklandyrylan gaz öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berýär.
Naip we Bagaja gaz ýataklarynda öndürilen taýýar önümleriň esasy bölegi eksport edilýär. Eksportyň mukdarynyň hem 2020-nji ýyl degişli döwüri bilen deňeşdirlende ýokarlanandygy bellenilýär.
Türkmenistanda suwuklandyrylan tebigy gazyň iň iri öndürijisi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr (TNGIZT). Zawodyň ýyllyk kuwwaty 300 müň tonnadan gowrak bolup, ýurdumyzda öndürilýän suwuklandyrylan ýangyjyň üçden iki bölegi oňa degişli bolup durýar. TNGIZT-de suwuklandyrylan tebigy gazyň 200 müň tonna töweregi polipropileniň we ýokary oktanly benziniň önümçiliginde ulanylýar.
Suwuklandyrylan gazyň öndürilmegi, dünýä energiýa ulgamyna laýyklykda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyny ösdürmek üçin geljegi uly ugurlardan biridir. Köp ýurtlar benziniň we dizel ýangyjynyň ornuny tutujy hökmünde suwuklandyrylan gaza geçmegi göz öňünde tutýarlar we dünýäde bu ýangyja bolan isleg yzygiderli artýar. Bilermenleriň bellemegine görä, suwuklandyrylan tebigy gaz Türkmenistanyň gaz pudagynda esasy hyzmatdaşy bolan Hytaýyň energiýa importynyň üçden iki böleginden gowragyny düzýär.
Iňlis-golland “Shell” nebit-gaz kompaniýasynyň suwuklandyrylan tebigy gaz bazarynyň ösüşiniň geljegi baradaky hasabatynda bu pudagyň geljeginiň uludygy çaklanylýar. Kompaniýanyň analitikleriniň pikiriçe, bu pudak 2020-nji ýylda durnuklylygy we çeýeligi görkezdi. Suwuklandyrylan gaza dünýädäki isleg 360 million tonna ýetdi. Onuň 2020-nji ýyldaky esasy import edijileri Hytaý we Hindistan boldy.
Çaklamalara görä, dünýäde suwuklandyrylan tebigy gaza bolan isleg 2040-njy ýyla çenli 700 million tonna ýeter, sebäbi Aziýa sebitinde tebigy gaza bolan isleg güýçlenýär we elektrikleşdirilmegi kyn bolan pudaklarda energiýa çeşmesi hökmünde ulanylýar. Kompaniýanyň analitikleri bu görnüşli gazyň uly geljegini dünýä ykdysadyýetiniň karbonsyzlaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýandygy bilen baglanyşdyrýarlar. “Shell” kompaniýasynyň hasabatynda ykdysadyýeti täzeden dikeltmek we pes uglerod baýlyklarynyň hasabyna koronawirus pandemiýasynyň ykdysadyýete eden täsirine garşy göreşmek, şeýle hem zyňyndylary yzygiderli azaltmak üçin arassa energiýa çeşmelerini ulanmak esasynda çözgütleriň zerurdygy aýdylýar.
Tebigy gazy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen bilelikde ýa-da elektrikleşdirilmegi kyn bolan pudaklarda energiýa çeşmesi hökmünde ulanmaklyk umuman zyňyndylary azaltmaga kömek edýär. Çaklamalara görä, 2040-njy ýyla çenli döwürde gazyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriň energiýa pudagynyň umumy ösüşindäki paýy 74% -ni emele getirer.
Ogulgözel Rejepowa
Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 17.08.2021 senesinde çap edildi.