Malaýziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň wekilleriniň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda mälim edildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, “PETRONAS” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, “PETRONAS” kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany myhmanlaryň saparyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekde, anyk çäreleri durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, ýurduň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy.
Myhmanlar “PETRONAS” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini tüýs ýürekden gutladylar. Olar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, “PETRONAS” kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Malaýziýa bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ýurduň gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

















