Türk portlaryndan türkmen ýükleriniň 170 müň tonnasyndan gowragy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türk portlaryndan türkmen ýükleriniň 170 müň tonnasyndan gowragy geçirildi
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türk portlaryndan jemi 188 million 200 müň tonnadan gowrak ýük ugradyldy.

Şu ýylyň ilkinji ýarymynda Türkmenistandan 170 müň tonnadan gowrak ýük Türkiýäniň portlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara iberildi. Bu barada Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Ministrligiň bellemegine görä, türk portlaryna gelen ýükleriň aglaba bölegi beýleki döwletlere degişli bolup, olar gämiler arkaly daşary ýurtlara daşaldy.

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türk portlaryndan jemi 188 million 200 müň tonnadan gowrak ýük ugradyldy. Bu ýükleriň 15 million 300 müň tonnasy türk gämileri, galan 172 million 800 tonnasy bolsa beýleki döwletleriň gämileri tarapyndan daşaldy.

Diňe 2021-nji ýylyň iýun aýynda dünýä portlaryndan takmynan 31 million 600 müň tonna ýük üstaşyr geçirildi. Bu ýükleriň takmynan 6 million 200 müň tonnasy Türkiýäniň portlary arkaly geçirildi.