Türkmenistanda “Türkmen kaolin” paýdarlar jemgyýeti dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Türkmen kaolin” paýdarlar jemgyýeti dörediler
“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Balkan kän müdirligine paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanda “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resminama laýyklykda, “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine esaslyk maýadaky paýy 49% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisiň dowamynda gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekow döwlet Baştutanymyza Kararyň taslamasyny hödürläp, Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we durkunyň täzelenilmegi kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan zerur çig maly satyn almaga sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga ýardam eder diýip, belledi.

Mundan başga-da, wise-premýer Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklarynyň binýadynda sulfat önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Maksatnamada göz öňünde tutulan taslamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, aýlagyň mineral duzlarynyň düzüminiň natriý we magniý sulfatlary, magniý hloridi, litiý hem-de onuň birleşmeleri, magniý oksidi, magniý metaly ýaly himiki elementlere baý gorlarynyň bardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de degişli resminama gol çekip, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny depginli özleşdirmegiň, şolaryň binýadynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly himiýa önümlerini çykarmaga niýetlenen döwrebap kärhanalary döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Iýul aýynyň ahyrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna kaolin önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022