“Ak täjirçilik merkezi” Maryda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen binany gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak täjirçilik merkezi” Maryda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen binany gurar
Mary welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasy 2015-nji ýylda açyldy.

“Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binanyň taslamasyny düzer we gurar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň taslamasyny düzmek, ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu resminamada gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we binany 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyza Mary şäherinde bu desganyň düýbüni tutmak dabarasynyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň merkezinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy we Baýramaly şäherinde haly önümhanasy ulanylmaga berler.

Mary welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasy 2015-nji ýylda açyldy. Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda bu bina 2017-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ak öýleriň açylyş dabarasy şu ýylyň tomsunda geçirildi.