Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 31 million 712 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Serbiýanyň, Russiýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Şweýsariýanyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, we Gazagystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropilen önümlerini we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli nah ýüplügi satyldy. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köki we kök baldaklary satyn alyndy.
BAE-niň we Ermenistanyň işewürleri bahasy 39 million 271 müň manatlyga golaý nah ýüplügini hem satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 3 million 700 müň manada deň boldy, daşary ýurt puluna bolsa jemi bahasy 541 müň ABŞ dollaryndan gowrak portland sement ýerlenildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.