Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wezipeleri kesgitledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wezipeleri kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti bütin dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde halkara tejribäni öwrenmegiň zerurdygyny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz bütin dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen bagly ýagdaýlaryň täsirine garşy mundan beýläk-de alnyp barylmaly ilkinji işler barada nygtady.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek babatda teklipleri taýýarlamagyň meselelerine ünsi çekip, milli Liderimiz bu ugurda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde we toplumlaýyn işlemeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ilata edilýän ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigi barada aýtdy. Hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan jemgyýetçilik ulaglarynyň sany zerurlyga görä köpeldilmelidir hem-de toparyň kabul eden düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüne goşdy.

Milli Liderimiz ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, beýleki edara-kärhanalarda alnyp barylýan göreş çärelerini talabalaýyk guramak, sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmek, halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunçylyga seljerme işlerini geçirmek, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýz we gyş pasyllarynda howanyň tebigy şertleriniň üýtgemegi bilen bagly, edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda bellenen ýylylyk derejesini saklamak üçin meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022