Türkmen Lideri we Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri we Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşdylar
Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda 25-26-njy awgust aralygynda saparda boldy. (Surat: Pakistan Daily)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda 25-26-njy awgust aralygynda saparda boldy.

Duşuşykda Şah Mahmud Kureşi Pakistanyň ýokary ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan tarapynyň ygrarlydygyny tassyklady.

Gepleşigiň barşynda döwlet Baştutanymyz we ýokary derejeli diplomat Owganystandaky ýagdaýlary hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak maksady bilen, sebitleýin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Türkmenistanyň DIM-de duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi hem-de olaryň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň Yslamabat tarapyndan goldanyljakdygy tassyklanyldy.

Gepleşigiň barşynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygy babatda Türkmenistanyň we Pakistanyň gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Taraplar iki ýurduň ozalky tejribeleriniň nazarda tutulmagy bilen, sebitleýin dialogyň döredilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Şunlukda türkmen tarapy Owganystan boýunça sebitleýin hereketleriň ösüş prosesiniň barşynda özüniň bitaraplygynyň mizemez ýörelgelerine berk ygrarlylygyny beýan etdi.

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan we Eýrana saparlary 24-nji awgustda başlady. Onuň saparlarynyň maksady Owganystandaky ýagdaýlar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.