Türkmenistanyň Söwda ministrliginiň birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwrülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Söwda ministrliginiň birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwrülýär
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli birnäçe döwlet kärhanalary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa wise-premýer Çary Gylyjow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek maksady bilen, Mary şäherinde ýerleşýän “Merw” we Türkmenabatdaky “Lebap” söwda kärhanalaryny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda ulgamynda düýpli özgertmeleri çuňlaşdyrmak maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, bölek we lomaý söwda kärhanalaryny dolandyrmak boýunça düzümleriň eýeçiligini emele getirmek, desgalary tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki edaralary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň paýyny ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karara gol çekdi we wise-premýere resminamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Geçen hepde Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky degişli Karara gol çekipdi.

2022