Daşoguzda 1,500-e golaý maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda 1,500-e golaý maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar
Täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygy “Sekizýyldyz”, “Ykjam bina”, “Döwürgurluşyk” we “Körpegurluşyk” hususy kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Döwrebap toplumda jemi 1 müň 496 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Bu toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, täze toplumyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde dört gatly jaýlaryň 70-si, Saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlar.

Täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygy “Sekizýyldyz”, “Ykjam bina”, “Döwürgurluşyk” we “Körpegurluşyk” hususy kärhanalary ýaly kompaniýalar tarapyndan alnyp barylýar.

Şeýle hem jaýlaryň gurluşygy bilen utgaşyklykda, agyz suwy we lagym geçiriji ulgam, elektrik hem gaz ulgamlary çekiler, täze topluma barýan içerki ýollaryň gurluşygy alnyp barylar. Toplum innowasion aragatnaşyk ulgamyna birikdiriler. Bu bolsa ilata döwrebap hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip habarda bellenilýär.

Duşenbe güni Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýedi gatly 188 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.