Türkmen wekilleri portlary dolandyrmak boýunça halkara tejribeleri bilen tanyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekilleri portlary dolandyrmak boýunça halkara tejribeleri bilen tanyşdylar
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bu çäräni porty netijeli dolandyrmakda ileri tutulýan tejribeleri we sapaklary paýlaşmak üçin gurnady.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň wekilleri 2021-nji ýylyň 30-31-nji awgusty aralygynda Aşgabatda onlaýn seminara gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda porty dolandyrmak we deňiz logistikasy boýunça halkara ülňüleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi bu çäräni porty netijeli dolandyrmagy üpjün etmek, ýükleriň yzygiderli we wagtynda iberilmegine gözegçilik etmek we port amallarynda “ýaşyl ülňüleri” öňe sürmek boýunça ileri tutulýan tejribeleri we sapaklary paýlaşmak üçin gurnady diýip,  guramanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

“Türkmenbaşydaky halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň deňiz transport ulgamynda we Ýewraziýa sebitiniň esasy üstaşyr merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirmekde geosyýasy taýdan möhüm ähmiýete eýedir” diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji William Lif çäräniň barşynda nygtady.

Onlaýn seminaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň üç sany ýokary derejeli deňiz işgärleri port kapitanlarynyň hyzmatlarynyň guramaçylyk gurluşy bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdylar, portuň daşky gurşaw howpsuzlygyny ulgamlaýyn dolandyrmak meselelerine garaldy we nebitiň dökülmegine garşy degişli çäreleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeler paýlaşyldy.

Taslama Türkmenistanda ÝHHG-niň “Hazaryň deňziniň sebitinde ýaşyl portlary we aragatnaşygy ösdürmek” atly býujetden daşary taslamasynyň milli gatnaşygyny we durmuşa geçirilmegini goldady.