Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, 16-njy sentýabrda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberi dabaraly ýagdaýda açylar.
Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzda birnäçe desgalaryň, şol sanda Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa Hökümet münberinde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar diýip hasabatynda belledi.
Şeýle-de wise-premýer häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.