BAE-niň kompaniýasy “Türkmenaragatnaşyk” agentligini ýörite enjamlar bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
 BAE-niň kompaniýasy “Türkmenaragatnaşyk” agentligini ýörite enjamlar bilen üpjün eder
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Beat Trade FZE” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, degişli Karar “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir diýip, Milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň hem-de pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgama geçmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmegi, degişli düzümiň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.