Daşary ýurtly işewürler türkmen nebithimiýa we tekstil önümlerine isleg bildirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly işewürler türkmen nebithimiýa we tekstil önümlerine isleg bildirýärler
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 11 million 996 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügi we dürli görnüşli matalary ýerlenildi.

Pakistanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 354 müň manatlyga golaý nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin plastik önümlerini satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 4 million 712 müň manada deň boldy, daşary ýurt puluna bolsa jemi bahasy 98 müň ABŞ dollaryndan gowrak portlandsement ýerlenildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

2022