Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana sapar amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana sapar amala aşyrar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy, Awaza, Türkmenistan, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Özbegistana sapar amala aşyrar. Döwlet Baştutanymyz wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe bellenilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklar gazanylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belläp, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere özüniň özbek kärdeşi bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Özbegistana ýakynda boljak saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara gol çekiljekdigini aýdyp, bellenilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 351 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe Özbegistan 250 million 500 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 100 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022