Türkmenistanda Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýär
Maslahatyň dowamynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işler barada habar berildi.

Ýurdumyzda täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabarasy hem-de Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagyndaky iş maslahatynyň dowamynda maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahatyň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň dowamynda garalmagyna hödürlenilýän meseleler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, onuň işinde garaljak meseleleri kesgitlemäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görülişi, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabatlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňledi we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze şäherleriň, obalaryň, şäherçeleriň gurulýandygyny we abadanlaşdyrylýandygyny hem-de bu işleriň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, depginli dowam etdirilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, baş baýramçylygymyza gabatlanylyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.