Türkmen hünärmenleri ulag howpsuzlygyny berkitmekde halkara tejribeleri öwrenýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hünärmenleri ulag howpsuzlygyny berkitmekde halkara tejribeleri öwrenýärler
Bilermenler ulag we logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin gural hökmünde “bir penjire” mehanizminiň netijeli işlemeginiň halkara tejribesi barada maglumat berdiler.

Türkmenistanyň wekilleri ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we onuň howpsuzlygyny, esasan hem adatdan daşary ýagdaýlarda berkitmek üçin gural hökmünde gümrük we transport amallaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeler barada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan gurnalan onlaýn seminara gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi penşenbe güni habar berdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, ulag agentlikleriniň we beýleki ministrlikleriň hem-de edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Degişli çäre 7-8-nji sentýabr aralygynda geçirildi.

Bu çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Gruziýanyň we Russiýanyň iki sany halkara bilermenleriniň ýardam bermegi esasynda gurnaldy.

Maslahatyň dowamynda bilermenler sanly tehnologiýalary we intellektual transport ulgamlaryny ulanmakda, ulag we üstaşyr amallaryny sazlaşdyrmakda we pandemiýa döwründe logistika zynjyrlaryň durnukly we howpsuz işlemegini üpjün etmekde öňdebaryjy tejribeleri hödürlediler. Şeýle hem olar ulag we logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin gural hökmünde “bir penjire” mehanizminiň netijeli işlemeginiň halkara tejribesi barada maglumat berdiler.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi 2008-nji ýyldan bäri ulag, söwda we beýleki pudaklarda okuw çärelerini guramak arkaly Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar.

2022