Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi Daşkentde geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi Daşkentde geçiriler
Daşkent, Özbegistan Respublikasy

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi 13-14-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçiriler. Bu barada wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň dowamynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise premýer mejlisiň dowamynda suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülişi barada hem belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda Özbegistana sapar amala aşyrar. Saparyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklaryň gol çekilmegine garaşylýar.