Berlin raýatlarynyň Owganystandan çykarylmagynda ýardamy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Berlin raýatlarynyň Owganystandan çykarylmagynda ýardamy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Berlin, Germaniýa

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen sişenbe güni telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministr german raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin öz hökümetiniň adyndan Türkmenistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda ýurdumyz tarapyndan öz howa giňişliginiň ulanylmagy üçin rugsatnamanyň dessin berilmeginiň, raýatlaryň guramaçylykly çykarylmagynyň netijeliliginiň kesgitleýji şerti bolandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn özara hereketler bilen bagly pikirleri alyşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Germaniýanyň “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň, şol sanda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem derwaýys ähmiýeti bellenilip geçildi.

Taraplar şeýle-de halkara we sebit gün tertibine degişli möhüm meselelere hem seredip geçdiler. Şu nukdaýnazardan, owgan ugry boýunça işjeň dialogyň dowam edilmegi babatynda özara taýýarlyklar mälim edildi.

Ýokary derejeli diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda diplomatiki wekilhanalarynyň hem gatnaşmagynda yzygiderli geňeşmeleriň ulgamlaýyn esasda dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.

2022