Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny $1 milliarda ýetirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny $1 milliarda ýetirmekçi
Daşkentdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi (Surat: Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrligi)

Daşkent şäherinde çarşenbe güni söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýakyn geljekde türkmen- özbek söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Habara görä, mejlis Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň we Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldýewiň bilelikdäki ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn ugurlary bellenildi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumlary esasynda 160 sany kärhana hereket edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20% ýokarlandy.

Duşuşykda özara söwdany ösdürmek üçin gelejekde bilelikdäki amala aşyryljak çäreler meýilleşdirildi. Taraplar türkmen we özbek önümleriniň iki ýurduň bazarlaryna durnukly iberilmegini üpjün etmek we ýakyn wagtda türkmen-özbek söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek üçin çäreleri durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu teklipleriň işlenip düzülmegi, iki ýurduň daşary söwda ministrlikleriniň orunbasarlary derejesindäki bilelikdäki iş topary tarapyndan yzygiderli serediler.

Şeýle hem, maslahatyň dowamynda ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek we işini düzgünleşdirmek baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň tamamlanjakdygy bellenildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berlip, taraplar howa gatnawlaryny tapgyrlaýyn täzeden dikeltmegi, 2022-nji ýyl üçin özara nyrh ýeňillikleriň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ulanmagyň geljegini we beýleki başlangyçlary üpjün edýän ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri işläp düzmek we kabul etmek barada ylalaşdylar.

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisinde taraplar dürli pudaklarda önümçiligi döretmek üçin täze taslamalary işläp düzmek boýunça ylalaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-özbek hökümetara toparynyň 16-njy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler. Bu çäräniň dowamynda gazanylan şertnamalary we iki döwletiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin möhüm ugurlary öz içine alýan teswirnama gol çekildi.

2022