Aşgabat bilen Daşkent awtoulaglaryň bilelikdäki önümçiligi boýunça ylalaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Daşkent awtoulaglaryň bilelikdäki önümçiligi boýunça ylalaşdy
Hökümetara toparynyň başlyklary iki ýurduň işjeň, uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny bellediler. (Surat: Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrligi)

Daşkent şäherinde çarşenbe güni geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň 16-njy mejlisiniň dowamynda onuň agzalary awtoulaglaryň we elektrik enjamlaryň önümçiligini döretmek üçin täze taslamalaryň üstünde işlemek boýunça ylalaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň we Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldýewiň bilelikdäki ýolbaşçylyk eden mejlisiň gün tertibi maýa goýum, söwda-ykdysady, senagat, energetika, oba hojalygy, suw dolandyrylyşy, ylmy-tehniki, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň köp meselelerinden ybarat boldy.

Hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary öz çykyşlarynda iki ýurduň hökümetleriniň işjeň, uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini bellediler.

Duşuşykda taraplar senagat hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmegiň we iki ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatlaryny göz öňünde tutup, üznüksiz baha zynjyrlaryny emele getirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Şeýlelikde, duşuşygyň dowamynda agrosenagat toplumynda, dokma, deri-aýakgap senagatynda önümçiligi döretmek, awtoulaglar, elektrik enjamlary we gurluşyk materiallary öndürmek üçin täze taslamalary işläp düzmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Mundan başga-da, taraplar takyk taslamalary öz içine alýan senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmek we kabul etmek barada ylalaşdylar.

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisinde taraplar ýakyn wagtda türkmen-özbek söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.