Türkmen nah ýüplüginiň we buýan ekstraktynyň eksport möçberi belli boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nah ýüplüginiň we buýan ekstraktynyň eksport möçberi belli boldy
Türkmenistanda öndürilýän nah ýüplügine Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe we başga-da birnäçe döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda öndürilen nah ýüplükleriniň 11 müň 29 tonnasy, ýagny 37 million 547 müň 290 ABŞ dollarlyk möçberi eksporta ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän nah ýüplügine Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe we başga-da birnäçe döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Şeýle-de buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty ösýär. Şu ýylyň başyndan bäri buýan köküniň gury ekstraktynyň bahasy 3 million 783 müň 275 ABŞ dollaryna barabar bolan 672 tonnasy, guradylan arassalanylmadyk buýan köküniň we kök baldaklarynyň bahasy 30 müň 502 ABŞ dollaryna deň bolan 44 tonnasy daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan uly isleg bilen satyn alyndy.

Mundan başga-da bu döwürde M500 görnüşli portland sementiniň 20 müň 63 tonnasy, ýagny 1 million 23 müň 349 ABŞ dollarlygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik çig ýagly turşulygynyň 972 tonnasy, ýagny 395 müň 763 ABŞ dollarlygy we başga-da birnäçe görnüşli önümler eksport edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022