Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisiniň energetika komissiýasynyň resmi wekili Mustafa Nahaýeý Türkmenistandan tebigy gazyň importyny gaýtadan dikeltmäge çagyrýar. Bu barada resmi wekiliň “Iranian Labour News Agency” (ILNA) habarlar gullugyna beren interwýusyna salgylanyp, “Interfaks” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Ýurdumyzyň uly tebigy gaz baýlyklary bardyr we biz Türkiýä hem-de Yraga tebigy gazy eksport edýäris, ýöne bu Türkmenistandan gaz import etmegimize päsgel bermez, diýip, Nahaýeý interwýusynda belledi.
Mustafa Nahaýeý Türkmenistan bilen tebigy gaz söwdasynyň bes edilmegi Eýrana zyýan ýetirendigini aýdyp, gazyň import edilmegi ýurduň energiýa howpsyzlyk syýasatyna garşy gelmeýändigini aýtdy.
Nahaýeýiň aýtmagyna görä, Eýranyň Nebit ministrliginiň gün tertibinde duran türkmen gazynyň importynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň meselesi ýurtda gyş möwsüminde bolup biljek tebigy gaz ýetmezçiliginiň belli bir böleginiň öwezini dolup biler. Türkmen gazynyň importy içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan başga-da diplomatik nukdaýnazardan hem möhümdir.
“Ýurduň gündogarynda, günorta-gündogarynda we käbir demirgazyk böleklerinde ýeterlik infrastruktura ýokdyr we energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklar bar. Şonuň üçin Türkmenistandan gazyň import edilmegi bu meselede ýardam berer” diýip, Nahaýeý belledi.
Eýranyň mejlisiniň wekiliniň belleýşi ýaly, eýran hökümetiniň Türkmenistan bilen gepleşikleri oňyn netije berse, bu ýurduň bähbitleriniň üpjün edilmeginde, gaz diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmeginde we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly ädim bolar.
2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny bes etdi. Eýran öň satyn alan türkmen tebigy gazynyň bergisini ýapmanlygy muňa sebäp boldy. Bu ugurda uzak dowam eden gepleşiklerden soň taraplar töleg meselesinde gutarnykly netijä gelip bilmändikleri sebäpli “Türkmengaz” döwlet konserni Halkara Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga mejbur boldy.
2020-nji ýylda Halkara Arbitraž kazyýeti eýran-türkmen gaz jedelini Türkmenistanyň haýryna çözdi.