Türkmen Lideri ýurduň bähbitlerine gönükdirilen kanunçylyk namalaryny taýýarlamagy tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri ýurduň bähbitlerine gönükdirilen kanunçylyk namalaryny taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni adalat ministri Begmyrat Muhamedow bilen ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Maslahatyň dowamynda ministr ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen kanunçylyk usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

  • Dünýäde energetika ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen kanunçylyk usullaryny işläp taýýarlamaly;
  • Saglygy goraýyş babatda, şeýle hem bütindünýä pandemiýasy ýaly ählumumy howplara garşy göreşmek baradaky kanunçylygyň kämilleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirilmeli;
  • Ulag geçelgelerini döretmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak ýaly milli bähbitleri goramak maksady bilen, söwda we ulag syýasaty babatda zerur hukuk namalaryny taýýarlamaly;
  • Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini kepillikli eksport edilmegi üçin hukuk binýadyny döretmeli;
  • Sebitiň ykdysady we maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk üçin hukuk esaslaryny işläp taýýarlamaly;
  • Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça çarçuwaly Ylalaşygyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseleleri öwrenmeli;
  • Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen bagly hukuk meselelerini göz öňünde tutýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylmagyny dowam etdirmeli;
  • Halkara tejribede içerki we daşarky maýa goýujylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolan hökümete dahylsyz halkara täjirçilik arbitraž kazyýetleriniň döredilmegi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek boýunça işleri alyp barmaly;
  • Ýurdumyzyň raýatlaryna ýokary hilli hukuk kömegini bermek, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini netijeli hem-de ygtybarly goramak maksady bilen, Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezini döretmek boýunça işleri alyp barmaly;
  • Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň we goňşy döwletleriň tejribesinde bar bolan “Bir penjire” goşulmalaryny ulanmagy has-da kämilleşdirmeli.

Geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzyň hukuk ulgamyny berkitmäge we kämilleşdirmäge, parahatçylygy we dostlugy üpjün etmäge, halkara guramalar hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem ýurdumyzyň hukuk taýdan toplumlaýyn we yzygiderli düzgünleşdirmegini doly üpjün etmegiň geljek ýyllar üçin esasy wezipeleriň biri bolmalydygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022