Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy
Münberiň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda penşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, bu toplumyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr. Granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.

Şeýle-de bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilendir.

Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.

Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli meýdançada sahnalaşdyrylan dabara guraldy. Oňa paýtagtymyzyň döredijilik toparlary gatnaşdy. Şeýle hem feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri guraldy.

Ozalky münberiň durky täzelenip, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwüriler. Degişli işleri “Bouygues Batiment International” kompaniýasy amala aşyrar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022