“C5+1” howanyň üýtgemeginiň täsirine garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“C5+1” howanyň üýtgemeginiň täsirine garady
“C5+1” formatyndaky maslahatda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew ýolbaşçylyk etdi.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň penşenbe güni “C5+1” formatynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren maslahatynda howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzlygyny, energiýa öndürijiligini üpjün etmek üçin suwuň elýeterliligine we biodürlülige ýetirýän ýaramaz täsiri bilen bagly meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, maslahatda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşigiň dowamynda ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa, sosial, ykdysady we demografiýa ýagdaýy gowulandyrmak ýaly maksatlar kesgitlenildi. Şeýle-de betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine bolan durnuklylyk ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygy kämilleşdirmek ugrunda hem-de howanyň ýaramaz täsiri ýetýän ilatyň bölegine sosial özgertmeleri goldamak işinde bilelikdäki hereketiň wajyplygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu maksatlara ýetmekde sebitleýin hyzmatdaşlygyň hem-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleriniň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar öz ýurdunyň adyndan “C5+1” sebitleýin diplomatik platformanyň çäklerinde daşky gurşawy goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda milli derejede hereket etmeklige ygrarlydyklaryny tassykladylar.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.