Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar
Bu duşuşyk Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitiniň çäginde geçirildi. (Surat: Eýranyň DIM-i)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi anna güni Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen ýygnakda ýurtlaryň arasyndaky tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu duşuşyk Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitiniň çäginde geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ebrahim Raisi Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky doganlyk we dostlukly gatnaşyklaryň goňşulyk derejesinden has ýokarydygyny belledi. “Tähran bilen Aşgabadyň arasynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin gowy mümkinçilikler bar” diýip, Raisi nygtady.

Şeýle hem, Prezident Raisi energiýa serişdeleriniň söwdasynyň, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň hem-de harytlaryň üstaşyr geçirilmeginiň mukdarynyň ýokarlandyrylmagy Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikli ugurlaryň biridigini aýtdy.

Milli Lideri ýurdumyzyň Eýran bilen dostlukly gatnaşyklaryndan kanagatlanýandygyny mälim edip, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstaşyr mümkinçilikleri işjeňleşdirmek iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnajakdygyny belledi.

Geçen ýyl Halkara Arbitraž kazyýeti Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz meselesi boýunça öz çözgüdini yglan etdi. Çözgüde laýyklykda, Eýran 2007-2013-nji ýyllar aralygynda satyn alan gazynyň bergisini ýapmak üçin Türkmenistana 2 milliar ABŞ dollaryna golaý tölemelidir.