Türkmenistanyň biržasynda $3 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $3 milliondan gowrak söwda boldy
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük hem-de reňksiz aýna önümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 207 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük hem-de reňksiz aýna önümlerini satyn aldylar.

Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 46 million 400 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 424 million 841 manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksunyň galyndylaryny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de elde dokalan halylary satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri daşary ýurt walýutasyna bahasy 122 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.

2022