Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 418 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6% ýokarydyr. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär.
Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 338 million 400 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy.
Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.
Şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda Özbegistan 297 million 600 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 120 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Bu döwürde Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 25 milliard ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 383 million 100 müň ABŞ dollary ýa-da 1,6% ýokarlandy.
Özbegistanyň şol döwürde daşary söwda dolanyşygynyň iň uly möçberi Hytaýyň paýyna düşüp, ol 4 milliard 800 million ABŞ dollaryna ýetdi. Degişlilikde Özbegistanyň eksporty 1 milliard 570 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 3 milliard 200 million ABŞ dollaryndan geçdi.
Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($4,5 milliarda golaý), Gazagystan ($2,5 milliarda golaý), Türkiýe ($2,1 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1,2 milliard töweregi), Gyrgyzystan ($599 million), Germaniýa ($472 million töweregi), Owganystan ($444 million töweregi) we Ukraina ($388 milliona golaý) girdi.
Geçen hepde Daşkent şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisiniň dowamynda taraplar ýakyn geljekde özara söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
2020-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna barabar boldy.