Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna 10 sany “Mercedes-Benz” awtoulagy berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna 10 sany “Mercedes-Benz” awtoulagy berildi
Täze “Tiz kömek” awtoulaglary ilata edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen berildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginin edaralaryna “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagynyň 10-sy berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habara görä, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz awgust aýynyň ahyrynda Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny berdi.

2022