Gazagystanda ilkinji kalsilirlenen soda zawodynyň düýbi tutuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanda ilkinji kalsilirlenen soda zawodynyň düýbi tutuldy
Gazagystanda ilkinji kalsilirlenen soda öndürýän zawod Türkiýäniň “Yildirim Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlar. (Surat: Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrligi)

Gazagystanyň günortasynda penşenbe güni kalsilirlenen soda öndürýän zawodynyň düýbi tutuldy. Bu zawoda 400 million ABŞ dollaryna deň bolan maýa goýuldy. Bu barada Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berýär.

Bu kärhana Gazagystanyň ilkinji kalsilirlenen soda öndürýän zawody bolup, Türkiýäniň “Yildirim Holding” kompaniýasy tarapyndan Žambyl oblastynyň Sarysu etrabynda gurlar.

Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministri Beibut Atamkulow zawodyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda täze kärhananyň galyndysyz önümçilik tehnologiýalaryň esasynda “4.0 senagat modeline” laýyklykda guruljak ilkinji önümçilik desgasyna öwrüljekdigini belledi.

Kärhananyň ýylda 400 müň tonna kalsilirlenen soda öndürmäge mümkinçiligi bolar. Şeýle hem himiýa zawody 500 müň tonna çig kalsiý hloridini we 100 müň tonna duzy öndürer. Bu zawodyň 2024-nji ýylda doly ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Habara görä, täze zawodda öndürilen önümler Russiýa, Türkmenistana, Azerbaýjana we Täjigistana eksport ediler.

Taslamanyň eýesi “Yildirim Holding” kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Qazaq Soda LLP” bolup durýar.

Kalsilirlenen soda esasan aýna, metallurgiýa, dokma we himiýa pudaklarynda giňden ulanylýar.

2022