Eýran Gyrgyzystana Bandar Abbas portundan ýer bölegini berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Gyrgyzystana Bandar Abbas portundan ýer bölegini berer
Gyrgyzystanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy penşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde geçdi. (Surat: Gyrgyzystanyň DIM-i)

Eýranyň hökümeti Gyrgyzystana harytlary üstaşyr geçirmek üçin Bandar Abbas portundan ýer bölegini berer we degişli infrastruktura bilen üpjün eder. Bu barada penşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen bolan duşuşygynda habar berdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, mejlisde ýokary derejeli diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk, saglygy goraýyş pudagyndaky özara gatnaşyklar hem-de Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alyşdylar.

Ministr Kazabaýew ýurtlaryň arasyndaky üstaşyr we transport mümkinçilikleriň ulanylmagynyň möhümdigini belläp, bu sebäpli ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşjak Eýran–Türkmenistan–Özbegistan–Gyrgyzystan demir ýol geçelgesini ulanmaga gyzyklanma bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministri hem öz gezeginde ýurduň hökümetiniň Gyrgyzystana harytlary üstaşyr geçirmek üçin Bandar Abbas portundan ýer bölegini bermek we degişli infrastruktura bilen üpjün etmek boýunça kabul eden karary barada habar berdi.

Şeýle-de taraplar Bişkekde Eýranyň söwda merkezini açmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sentýabr aýynyň başynda Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Danil Ibraýewiň Bişkekdäki hindi işewürleriniň wekiliýeti bilen duşuşygynyň dowamynda Eýranyň Bandar Abbas şäherindäki portunyň üsti bilen amala aşyryljak Hindistan we Gyrgyzystanyň arasynda täze söwda ýoluny esaslandyrmak meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

2022