Günorta Koreýa Türkmenistan bilen işjeň işewürlik hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýa Türkmenistan bilen işjeň işewürlik hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Seul, Günorta Koreýa

Soňky ýyllarda Günorta Koreýada Türkmenistana bolan gyzyklanma artýar we ýurdumyz işjeň işewürlik hyzmatdaşlyga umyt edýär diýip, Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň başlygy hanym Li Ok Rýon penşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda aýtdy.

Hanym Li Ok Rýonyň bellemegine görä, Günorta Koreýa Türkmenistanda çölleşmegiň öňüni almak, gaýtadan dikeldilýän energiýa, akylly fermalar arkaly bag ekmek ýal özara bähbitli ykdysady taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.

Assosiasiýanyň başlygynyň pikiriçe, Türkmenistan tebigy baýlyklara we dürli ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedir.

Şeýle hem Assosiasiýanyň dürli ugurlarda Türkmenistan bilen dostlugy has-da baýlaşdyrmak we berkitmek ugrunda işleri alyp barjakdygyny hanym Li Ok Rýon belledi.

Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasy bu Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady, medeni alyş-çalyşmalar arkaly özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin döredilen diplomatik guramadyr.

2022