Türkmen Liderine döwlet sylaglary gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Liderine döwlet sylaglary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa sişenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmen edermen” medalyny we “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden kararlaryny okady we döwlet Baştutanymyza degişli döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyzy gowşurdy.

Şeýle hem dabarada harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna nobatdaky harby atlary dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Amanowa general-polkownik harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýewe general-leýtenant harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Muhamedowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Hudaýkulyýewe polkownik harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Nazar Atagaraýewe polkownik harby ady dakyldy.

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny mynasyp bolan döwlet sylaglary bilen gutlady.