“Goldman Sachs”: Nebitiň bahasy 90 ABŞ dollaryna ýeter

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Goldman Sachs”: Nebitiň bahasy 90 ABŞ dollaryna ýeter
Geçen hepde “Brent” nebitiniň bahasy geçen üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. (Surat: “Reuters”)

“Goldman Sachs” amerikan maýa goýum banky nebitiň “Brent” görnüşiniň ýylyň ahyry üçin bahasynyň çaklamasyny 80 ABŞ dollaryndan 90 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrdy. Ýangyja bolan islegiň COVID-19 pandemiýasynyň delta görnüşiniň ýetiren zeperinden has çalt dikeldilmegi we ABŞ-da Ida harasatynyň täsiri nebit ýetmezçiligine getirdi. Bu barada “Reuters” agentligi duşenbe güni habar berýär.

Geçen hepde “Brent” nebitiniň bahasy geçen üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Nebit önümçiliginiň bökdençlikleri zerarly energiýa kompaniýalary ätiýaçlyk gorlaryndan köp mukdarda çig mal çykarmaga mejbur boldy.

Häzirki wagtda “Brent” nebitiniň bir barreliniň bahasy 79 ABŞ dollaryndan, WTI nebitiniňki bolsa 75 ABŞ dollaryndan geçýär.

Şu aýyň başynda Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) iýul aýynda kabul eden kararyny dowam edip, önümçiligi tapgyrlaýyn azaltmak barada ylalaşypdylar.

Iýul aýyndan bäri OPEC+ ýurtlarynyň önümçiliginiň ösüşi Ida harasatynyň nebit önümçiligine ýetiren zeperiniň öwezini dolup bilmedi. Şol bir wagtyň özünde beýleki nebit öndürijiler garaşylandan pes çig mal öndürýärler diýip, “Goldman Sachs” kompaniýasy 26-njy sentýabrdaky çaklamasynda aýtdy.

Bankyň bellemegine görä, gyşyň öňüsyrasynda dünýäde tebigy gazyň ýetmezçiligi nebitiň ulanylmagynda elektrik energiýasynyň önümçiligine bolan islegi ýokarlandyrar.

“Goldman Sachs” häzirki çaklamasyna esasy töwekgelçilikler hatarynda nebite bolan islege zeper ýetirip biljek wirusyň täze görnüşiniň çykmagyny we OPEC+ ýurtlarynyň önümçiliklerini has çalt depginde ýokarlandyrmagyny görkezýär.

Geçen hepdede maýa goýum banky gyşyň sowuk bolmagy we dünýäde tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagy, şu ýylyň ahyrynda nebitiň bahasynyň garaşylandan has ýokary bolmagyna sebäp bolup biljekdigini belläp, dördünji çärýekde nebitiň bir barreliniň bahasynyň 85 ABŞ dollaryna ýetmeginiň mümkindigini aýdypdy.