Türkmenistanyň biržasynda $10 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $10 milliondan gowrak söwda boldy
Daşary ýurt telekeçileri TNGIZT-de öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny we A-95 kysymly ulag benzinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 10 million 381 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Ukrainanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny, A-95 kysymly ulag benzinini we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümlerini satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Gong-Kongyň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine bahasy 2 million 445 müň manatlykdan gowrak Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi ýerlenildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022