Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýakynda bellenilen Ýörite wekili Ilçi Teri Hakala, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň haýyşy boýunça ýakyn wagtda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugradan gutlag hatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, saparyň barşynda Hakala Türkmenistanyň Hökümeti bilen esasy ugurlarda sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşar.
Mundan başga-da, Ilçi Türkmenistanyň şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirmegi meýilleşdirýän Bitaraplyk boýunça möhüm halkara maslahatda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik eder diýip, Şarl Mişel belledi.
Şeýle hem Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ÝB-niň geljekde hem Türkmenistan we onuň raýatlary üçin hoşniýetli, açyk, ygtybarly hyzmatdaş boljakdygyny tassyklady we birleşigiň Merkezi Aziýa üçin strategiýasynyň ruhunda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.
“Biziň geljekki gatnaşyklarymyzyň, şeýle hem ÝB-niň tarapyndan ýardam edilmegi Siziň ýurduňyzyň ösmegine goşant boljakdygyna hem-de ähli türkmen raýatlary üçin mümkinçilikleri gowulandyrjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin” diýip, Şarl Mişel nygtady.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Geňeşi şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Finlýandiýaly diplomat Teri Hakalany Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili wezipesine belledi. Ol täze wezipesine 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan girişdi.