Özbegistan Türkmenistanda ulaglaryň we elektrik tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Özbegistanyň wise-premýeri, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow Daşkentde duşenbe güni geçirilen Özbek-türkmen ykdysady forumynda aýdanlaryna salgylanyp, ýurduň “Kursiw” agentligi habar berdi.
Habara görä, Özbegistanyň wise-premýeri iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda ösdürilmelidigini nygtady. Ol ugurlaryň hatarynda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagy, senagat, ulag we logistika hem-de sebitara hyzmatdaşlyk görkezildi.
Özbek-türkmen ykdysady forumynda bilelikdäki kärhanalary açmak barada ylalaşyk gazanyldy. “Uzavtosanoat” we “Turkmenistan-Motors” kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanda ýörite tehnika öndürmek barada şertnama baglaşyldy.
“Türkmenistan-Motors” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Furkad Aýdaşewiň “Kursiw” agentligine beren maglumatlaryna görä, kärhana birinji ýylynda 10 müň sany oba hojalyk tehnikasy we tirkeg öndürmegi meýilleşdirýär we 4-5 ýylyň içinde önümçiligini ýylda 50 müňe çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Özbek-türkmen ykdysady forumy Daşkentde duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde geçirildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleri ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi 13 million 500 ABŞ dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekdiler.