Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň mejlisi, Aşgabat, Türkmenistan

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň penşenbe güni Aşgabatda mejlisi geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021–2023-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” gol çekildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň wekiliýetine bolsa ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň esasy meseleleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we onuň kuwwatyny artdyrmagyň ýollary, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boldy.

Duşuşykda Russiýanyň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlaryndan biridigi we onuň bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň, gazhimiýa senagatynyň, geologiýa, gurluşyk we maliýe-bank ulgamlarynyň bardygyny bellediler.

Mundan başga-da, hökümetara toparynyň mejlisinde ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda bilim we ylym ulgamlaryndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýyllyk 12,5% ýokarlandy we umumy möçberi 1 milliard 86 million ABŞ dollaryna barabar boldy.