Aşgabatda halkara lukmançylyk forumy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda halkara lukmançylyk forumy geçirildi
“Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp anna güni Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, dört sany sessiýadan ybarat bolan bu maslahata dünýäniň 15 ýurdundan saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary wezipeli işgärleri, ylmy intelligensiýasynyň wekilleri hem-de abraýly halkara guramalarynyň, hususan hem BMG-niň we BSGG-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik gullugyň ýolbaşçylary, şol sanda türkmen we daşary ýurtly žurnalistler hem bu maslahata işjeň gatnaşdylar. 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okaldy. Milli Liderimiz Gutlagynda häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu gün netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bu ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip belleýär.

BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan bu maslahatyň öz wagtyndalygyny nygtamak bilen, şu platformanyň özara hereketleriň ýetilen derejesine baha bermäge, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamyndaky, hususan-da häzirki pandemiýa garşy göreşmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meseleler boýunça pikirleri alyşmaga mümkinçilik berýändigi nygtap geçdi.

Forumyň işiniň barşynda ýokanç kesellere garşy göreş, saglygy goraýyşda sanlylaşdyrmak işleriniň orny, COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň durnukly ösüşine ýardam berýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara lukmançylyk-arassaçylyk işleriniň gazananlary esasynda emele gelen kadalara daýanýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.

Çykyş edenler tejribe alyşmak bilen, COVID-19 ýaly howplara garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam beren düzümleriň biri hökmünde birleşen maglumat gaznalaryny mysal getirdiler, saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýa netijesinde bu gaznalara hemmeleriň elýeterliligi üpjün edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda saglygy goramak boýunça maksatnamalaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak boýunça köp sanly taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini we geçirilýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen penşenbe güni Aşgabatda duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň barşynda Türkmen tarapy BSGG bilen hyzmatdaşlygyny hasda ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýändigini belläp geçdiler.

2022