Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşar
“EKSPO–2020” Bütindünýä sergisinde türkmen milli pawilýony, Dubaý, BAE

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine şenbe güni iş sapary başlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler, seýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisinde türkmen milli pawilýony “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen açyldy. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini beýan edýän wideorolikler görkezilýär.

Türkmen pawilýonlarynyň ikinji gatynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň sergi ekspozisiýalary ýerleşdirildi.

Geçen penşenbe güni Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisi “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” diýen şygar astynda aýdym-saz dabaralary bilen öz işine başlady.

2022