Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 27 million 317 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, float aýnasy ýerlenildi.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 49 müň dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.