Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Merkezi Aziýa sebitleýin gatnaşyklarynyň berkidilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žosep Borrel Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Brýusselde geçirilen duşuşygynda mälim etdi. Bu barada Täjigistanyň Baştutanynyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Borreliň belleýşi ýaly, sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Duşanbe şäherinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygynda üns merkezinde boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar CASA-1000 taslamasynyň (Täjigistandan we Gyrgyzystandan Owganystana hem-de Päkistana elektrik geçiriş ulgamyny döretmek taslamasy) durmuşa geçirilmegi we ýaşyl ykdysadyýetiň emele gelmegi ýaly energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň derejesine we mazmunyna kanagatlanma bildirip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy gelejekde hem giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.
Metbugat gullugynyň habaryna görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Täjigistanda, umuman Merkezi Aziýada we Owganystanda howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek meselesine aýratyn üns berdiler.
Mundan başga-da, Täjigistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen gepleşik geçirdi. Gepleşigiň dowamynda taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň wajyplygyny bellediler.