Çip ýetmezçiligi sebäpli “iPhone 13” smartfonlaryň önümçiligi azaldylyp bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
Çip ýetmezçiligi sebäpli “iPhone 13” smartfonlaryň önümçiligi azaldylyp bilner
Çipleriň ýetmezçiligi häzirden kompaniýanyň müşderilerine täze “iPhone 13” modelleriniň ugradylmagyna ýaramaz täsirini ýetirdi. (Sutay: Reuters)

“Apple” kompaniýasy dünýäde çipleriň ýetmezçiligi sebäpli täze “iPhone 13” smartfon modelleriniň meýilleşdiren mukdaryndan 10 million az öndürip biler.

Kompaniýa şu ýyl 90 million täze “iPhone” smartfonlaryny öndürmegi meýilleşdirýärdi. Emma enjamlarda ulanylýan ýarym geçirijileri öndürýän “Broadcom, Inc” we “Texas Instruments, Inc” kompaniýalary täze önümleri çipler bilen ýeterlik üpjün edip bilmeýändikleri sebäpli “Apple” täze smartfonlarynyň önümçiligini azaltjakdygyny mälim etdi. Bu barada “Bloomberg” agentligi sişenbe güni habar berdi.

“Bloomberg” agentliginiň habaryndan soňra, “Apple” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 1,2%, şol bir wagtyň özünde “Texas Instruments, Inc” we  “Broadcom, Inc” kompaniýalarynyňky bolsa 1% töweregi pese gaçdy.

Çipleriň ýetmezçiligi häzirden kompaniýanyň müşderilerine täze “iPhone 13” modelleriniň ugradylmagyna ýaramaz täsirini ýetirdi. “iPhone 13 Pro” we “iPhone 13 Pro Max” smartfonlarynyň sentýabrda satuwa çykarylandygyna garamazdan “Apple”-yň saýty arkaly edilen sargytlaryň müşderilere eltip berilmegi takmynan bir aý wagt alar. Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň käbir resmi dükanlarynda täze smartfonlaryň satuwy wagtlaýyn ýatyryldy.

“Bloomberg” agentliginiň belleýşi ýaly, “Apple” kompaniýasynyň sezewar bolan kynçylyklary COVID-19 pandemiýasy netijesinde ýüze çykan global ýetmezçiliklerden tehnologiýa dünýäsinde öňdebaryjy kompaniýanyň hem goragly däldigini görkezýär.  “iPhone” modelleriniň önümçiligindäki bökdençlikler bilen bir hatarda kompaniýa “Apple Watch Series 7” we beýleki önümleriniň ýeterlik mukdaryny öndürmekde hem kynçylyk çekýär.

Dünýäde çipleriň ýetmezçiligi maşyngurluşyk, elektronika we şuňa meňzeş pudaklarda hem päsgelçilikleri ýüze çykardy. Şol sebäpli köp awtoulag öndürijileri önümçiligini wagtlaýynça togtatdylar.

2022