Türkmen Lideri gümrük we migrasiýa işlerini ýeňilleşdirmegi hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri gümrük we migrasiýa işlerini ýeňilleşdirmegi hödürledi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly ulag boýunça ikinji global konferensiýasynda penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, BMG-niň ikinji ählumumy maslahatyna döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Prezidenti Si Szinpiniň çakylygy boýunça gatnaşdy. Forum “Durnukly ulag, durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

Türkmen Lideriniň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gepleşikleriň yzygiderli tarapdary hem-de işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, syýasy derejede, ilkinji nobatda, BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli, çuň manyly we anyk Kararnamalaryň başyny başlaýar.

“Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň barşynda biz Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň düzgünlerine daýanyp, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ulag durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegi dowam ederis” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi hödürledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygy barada aýtmagy bilen foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler şolara has güýçli täsir edip, şol sebäpli olara çökgünlikden soňky derejä çykmak beýleki döwletlere garanyňda kyn boldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz BMG bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýändigini belledi.

Habara görä, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisini we halkara edaralary bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de geçiriljek maslahaty gurnaýjylaryň biri hökmünde türkmen tarapynyň islendik manyly başlangyçlary, teklipleri we maslahatlary diňlemäge açykdygyny beýan etdi.

Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýa Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň hem-de beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldawy esasynda Aşgabatda 2016-njy ýylyň noýabrynda geçirildi.